Allergiýa we onuň öňüni almak

5 Mart 2024
815

Türkmen tebigatyna bahar paslynyň gelmegi bilen howa maýlap, janly-jandarlaryň, ösümlikleriň ýaşaýyş işjeňligi başlanýar. Bu ýagdaýlar ynsan saglygyna hem täsir edýär. Şolaryň biri hem allergiýadyr. Allergiýa bedeniň immun ulgamynyň, adatça, zyýansyz hasaplanylýan zatlara bolan ýiti garşylygydyr. Allergiýanyň alamatlary bedeniň dürli böleklerinde ýüze çykyp bilýär. Onuň dowamlylygy birnäçe minutdan birnäçe güne çekýär.

Allergiýa käbir haýwanlaryň tüýleri, dürli önümler, tozanlar, dermanlyk serişdeler, himiki serişdeler, mör-möjekler hem-de gülleriň tozanjyklary sebäpli döräp bilýär. Onuň ýüze çykmagyna getirýän bölejikleri allergenler diýlip atlandyrylýar.

Selbiniýaz BAÝRAMOWA,
Aşgabat şäherindäki 13-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar