Kadaly iýmitlenmek möhümdir

3 Mart 2024
838

Saglygyň sakasy kadaly iýmitlenmekdir. Kadaly iýip-içmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki we ruhy sazlaşygyny üpjün edýär. Iýmitiň düzüminde ýaşaýyş üçin derwaýys maddalaryň zerur mukdarda bolmagy hökmandyr. Munuň özi bedendäki maddalaryň deňagramlylygynyň saklanmagyna ýardam edýär. Azyk önümleri bedeniň kadaly işjeňligini üpjün edýär. Sagdyn beden üçin wagtly-wagtynda dogry iýmitlenmek esasy şertleriň biridir. Günde 4-5 gezek, az-azdan iýmek ýeterlikdir. Esasan hem, süýt önümlerini, gök önümleri we miweleri, balyk, peýnir, kösükli önümleri we ýumurtga iýmek maslahat berilýär. Iýmit sanawyna gök önümlerden we kösükli önümlerden başga-da, guş etinden taýýarlanylan çorbany goşmaly. Taýýarlanylan nahar juda gyzgyn bolmaly däldir, sebäbi beden ony sowatmak üçin energiýa sarp etmeli bolýar. Iýmitiň kabul ederlik derejesi ortaça bolmalydyr.

Möwsümleýin kesellerden goranmagyň ýollarynyň biri bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak bilen berk baglanyşyklydyr. Eýsem, bedeniňi berkitmek üçin nähili iýmitlenmeli? Bedeni berkitmek üçin diňe wagtly-wagtynda ukyňy almak, iýmitlenmek we hereket etmek bilen çäklenmän, goşmaça iýmitleri iýip-içmek maslahat berilýär. Howanyň üýtgeýän şu günlerinde dogry iýmitlenmek aýratyn ähmiýetli bolup durýar. Bu döwürde bedenimiziň gorag ulgamynyň berk bolmagy adamy dürli kesellerden goraýar.

Meretguly GARRYÝEW,
Aşgabat şäheriniň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bölümçe müdiri.
Beýleki habarlar