Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda uly işler amala aşyrylýar. Sanly ykdysadyýetiň işjeň ösdürilmegi, intellektual tehnologiýalaryň ykdysady işe ýokary derejede aralaşmagy bäsdeşlik artykmaçlygyny üpjün etmek bilen, ýurduň dünýä giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam berýär.
Häzirki zaman tehnologiýalarynyň iň köp ulanylýan ugurlarynyň biri-de bilim ulgamydyr. Çünki täzeçillikleri has çalt öwrenýän ýaş nesil ukyp-başarnyklaryny we bilim derejesini ýokarlandyrmakda döwrebap serişdelerden işjeň peýdalanýar. Test arkaly bilimiňe baha bermäge niýetlenen «Reýting test» atly programma üpjünçiligi hem okuwçylara we talyplara ösüş derejesini kesgitlemäge we deň-duşlary bilen deňeşdirmäge mümkinçilik berýär. Ony, başgaça, üstünlige baha beriş programma üpjünçiligi hökmünde-de häsiýetlendirip bolar. Bu programma üpjünçiligi okuwçylara okuwda gazanýan ösüşi we deň-duşlarynyň arasyndaky reýtingi barada maglumat almaga mümkinçilik berýän ýörite gurallar we amaly programmalar toplumydyr. Ol bilim edaralarynda-da, özbaşdak öwrenmekde-de peýdalanylyp bilner.