Sport, fiziki işjeňlik we saglyk

27 Fewral 2024
971

Sport we bedenterbiýe medeniýetiň düzüm bölegi bolup, sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslaryny, adamyň beden taýdan ösüşini kemala getirýär. Adamyň saglygyny goramak maksady bilen, dürli sport çäreleri geçirilýär. Esasan hem sport çäreleri ýaşlaryň sagdyn ösmegini, berk bedenli bolmaklaryny üpjün edýär.

Adam saglygyny berkitmekde we keselleriň öňüni almakda bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýeti uludyr. Hereketiň özi çagalaryň ösmegine täsir edýär. Bu ýagdaý ululara garanyňda, olaryň diňe bir fiziki taýdan däl-de, eýsem, akyl taýdan ösüşine-de täsir edýär. Sport bolsa saglygy berkidiji güýçdür. Orta we gartaşan ýaşly adamlarda hereket işjeňliginiň peselmegi aterosklerozyň emele gelmegine, gan damarlaryň tonusynyň hem-de bedende gan aýlanyşynyň bozulmagyna getirýär.

Merdan BAÝRAMGULYÝEW,
Aşgabat şäherindäki 12-nji saglyk öýüniň baş lukmany.
Beýleki habarlar