Güneşli ülkämiziň keramatly topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň biri hem buýandyr. Buýany gadym wagtlardan bäri ata-babalarymyz halk lukmançylygynda keselleri bejermekde we keselleriň öňüni almakda giňden ulanypdyr. Dermanlyk üçin buýanyň köki we ýerasty baldagy ulanylýar. Türkmenistanyň çäginde bolsa buýanyň dört görnüşi duş gelýär. Diýarymyzda bitýän buýan beýleki ýurtlardakydan özüniň himiki düzümi, täsirliligi, şypalyk häsiýetleriniň ýokary derejede bolmagy bilen has tapawutlanýar. Şonuň üçinem daşary ýurtly bilermenler güneşli Diýarymyzda bitýän buýana uly gyzyklanma bildirýär.
Buýanyň köküniň düzümindäki glisirizin turşusy 23 göterime barabar bolup, beýleki ýurtlarda bitýän buýan kökündäki mukdaryndan 6 göterim artykdyr. Onuň süýjüligi şekerden 40 esse ýokarydyr. Şonuň üçinem buýanyň köki diňe bir bejergi üçin däl, eýsem, konditer önümçiliginde hem giňden ulanylýar.