Beýik Seljuklaryň goşun gurluşy

21 Fewral 2024
1413

Gahryman Arkadagymyz «Watan goragy mukaddesdir» atly ajaýyp eserinde: «Taryhymyzy, Watan goragynda är işini bitiren serdarlaryň, gerçekleriň, batyrlaryň, gahrymanlaryň ömri, söweş ýoly, edermenligi bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary içgin öwreniň, olardan görelde alyň, Watanymyzyň, Ýaragly Güýçlerimiziň gahrymançylykly taryhyny baýlaşdyryň!» diýip jaýdar belleýär. Bu paýhasly sözler ruhuňy ganatlandyryp, gahrymançylykly taryhymyzyň gatbar-gatbar sahypalaryny açmaga, olary halkymyza ýetirmäge uly hyjuw döredýär.

Beýik Seljuk türkmenleri kämil goşun gurluşy, adalatly dolandyryşy, giň çäklerde köp milletleri agzybir, ylalaşykly ýaşadandygy bilen taryh sahypalaryna adyny ýazdyrdy. Taryhy maglumatlara esaslansak, nähili kämil goşuny bolandygyna garamazdan, ýöne ýere gylyçlar gynyndan çykmandyr. Çünki ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik olaryň döwründe hem türkmeni beýlekilerden tapawutlandyrýan esasy taglymat boldy. Eýsem, şeýle güýçli döwletde goşun nähili bolduka? Bu sowalyň jogabyny Ibn Esiriň «Kämil taryhyndan», S.Agajanowyň «Селжукиы и уркмения в XI-XII вв.», Ö.Gündogdyýewiň «Прошлое уркмен» hem-de türk seljukşynaslary — S.Kojanyň «Selçuklular' da Ordu ve Askeri Kültür», M.A.Köýmeniň «Büyük Selçuklu Imparatorlugu Tarihi», F.Sümeriň «Islam Kaynaklarina Göre Malazgirt Savaşi» atly işlerinden peýdalanyp, okyjylara umumy maglumatlary ýetirmegi makul bildik.

Aziz HASANOW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, maýor.
Beýleki habarlar