Türkmen topragy şypalyk häsiýetine eýe bolan dermanlyk ösümliklerine baýdyr. Gyşyň häzirki sowuk günlerinde olardan taýýarlanan tagamlary, demlemeleri, işdäaçarlary ulanmak saglyk üçin peýdalydyr. Dermanlyk ösümlikler dürli witaminlere baý bolmak bilen, bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny artdyrýar. Şypalyk ähmiýeti ýokary bolan ajy burçuň hem şu günler gündelik iýmitiň arasyna goşulmagy maslahat berilýär.
Ajy burç dünýä aşhanasynda iň kän sarp edilýän ösümlikleriň biri bolup, ony, esasan-da, dürli naharlara, gaplanan hem-de duzlanan tagamlara goşundy hökmünde ulanýarlar. Ösümligi ter, guradylan, duza ýatyrylan, şeýle-de owradylan külke görnüşinde ulanmak ýörgünli. Haýsy görnüşde ulanylsa-da, burçuň peýdaly häsiýetiniň aýrylmaýandygy bellärliklidir.