Ilatyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzda möhüm wezipe hökmünde kesgitlenilendir. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen şu günler ilat arasynda wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýäris. Bilim edaralarynda, edara-kärhanalarda geçirilýän şeýle ähmiýetli çärelerde gyş günlerinde özüňi ýokanç kesellerden goramagyň möhümdigi barada aýratyn gürrüň edilýär. Lukmanlar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik kitaby esasynda taýýarlanylýan melhemlik çaýlaryň ýokanç kesellerden goranmakdaky ähmiýeti dogrusynda nygtaýarlar. Çäreleriň dowamynda dürli durmuş ýagdaýlarynda özüňe we birek-birege kömek bermek boýunça wideoşekiller görkezilip, gollanmalar paýlanylýar.