“Ähli zadyň sakasy saglyk”

10 Fewral 2024
668

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň aýratyn aladalary netijesinde ilatyň saglygyny goramak meseleleri döwlet hem-de şahsy häsiýetli ileri tutulýan derejelere geçip, durmuş-ykdysady ösüşiň hemme taraplaryny we ugurlaryny gurşap alýar. Sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürüp, röwşen ertirimiz üçin irginsiz zähmet çekýän hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary netijesinde ýurdumyzda sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirlen toplumlaýyn çäreler yzygiderli alnyp barylýar. Munuň özi halkymyzyň bagtyýar geljegini gurmakdan, ösüp gelýän ýaş nesli sagdyn durmuş ýörelgelerine eýertmek bilen, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegini üpjün etmekden ybaratdyr.

Halkymyzda “Ähli zadyň sakasy saglyk” diýlen pähim bar. Berk bedenli, sagdyn ruhly adamlar sagdyn jemgyýeti kemala getirýärler. Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ynsan saglygyny goramak meselesine aýratyn ähmiýet berlip, ol döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry saýylýar. Milli saglyk ulgamynda gazanylýan uly özgertmeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýandygy baradaky hakykatyň güwäsi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär, her bir raýatyň saglygy babatda uly aladalar edilýär.

Jemal HAMRAÝEWA
Çärjew etrabynyň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiniň ýaşaýyş-durmuş esaslary mugallymy
Beýleki habarlar