Süýt mäzleriniň howply täze döremeleriniň bejergisinde Türkmenistanyň endemiki dermanlyk ösümlikleriniň ulanylyşy

8 Fewral 2024
871

Miwe BERDIMYRADOWA, Allamyrat AKMYRADOW, Meretguly JUMAÝEW, Sapargül ARAZMEDOWA, Serdar HAJYÝEW
Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň medisina biologiýasy we genetika, şöhle bilen anyklaýyş, bejeriş we onkologiýa kafedralary

Süýt mäzleriniň howply täze döremelerinden (SMHTD) bolan keselleýjiligiň we ölümçiligiň görkezijileri dünýäniň ähli döwletlerinde dürli derejelerde bellenilýär. Demirgazyk Amerika, Awstraliýa we Günbatar Ýewropa döwletlerinde her 100 000 zenana 99 näsag bellige alynýan bolsa, Gündogar Aziýa we Afrika döwletlerinde bu görkeziji 4 esse pesdir. Gündogar Ýewropa döwletlerinde bu görkeziji orta derejelerde saklanýar [2, 9, 10]. Russiýa döwletinde SMHTD-den bolan keselleýjilik her 100 000 zenana 46 näsaga deň. Ykdysady taýdan ösen we ösüp barýan döwletlerde SMHTD-den bolan keselleýjiligiň ýokarylygy, urbanizasiýanyň ösmegi we şäher durmuş düzgünleriniň zyýanly täsirleri bilen düşündirilýär [5, 8, 10].

Beýleki habarlar