Diýarymyzyň gadymy künjekleriniň birinde, Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň gurulmagy Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş ugurly we ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu şäher öňdebaryjy sanly, maglumat- aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan «akylly» şäheriň aýdyň nusgasydyr.
Täze şäherde «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan edara we durmuş maksatly desgalar ulanmaga berildi. Bu ýerde halkara standartlaryna, şol sanda tebigaty goramak ulgamyndaky standartlara laýyk gelýän toplumlaýyn infrastrukturanyň döredilmegi şäher ýaşaýjylary üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýär. Şäherde optiki-süýümli kommunikasion ulgamyň ornaşdyrylmagy ýaşaýjylara we myhmanlara ýokary tizlikli interneti ulanmaga mümkinçilik berdi.