Geçmişiň şöhratly ýaňy

7 Fewral 2024
1386

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) Änew şäherini «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etdi. Gadymy Seýit Jemaleddin ýadygärlik toplumy, Änewiň galalary we beýleki taryhy ýerler bu topragyň irki şan-şöhratyndan habar berýär. Seýit Jemaleddin metjidi ady bilen belli bolan bu ymarat hakykatdan hem örän çylşyrymly desgadyr.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýyl ýurdumyz üçin iň bir şanly ýyllaryň biri boljagy belli. Bu ýyl beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen birlikde Änew şäheri hem Türki dünýäniň medeni paýtagty hökmünde halkara derejesinde dabaralanar. Aslynda, peştagy aždarha şekilli bu ýadygärlik Horasanda teýmirleriň neslinden bolan Abul Kasym Baburyň dolandyran döwründe XV asyrda gurulýar. Metjidiň peştagynda aždarhalaryň şekillendirilmeginiň manysy bar. Rowaýata görä, birwagtlar şäheriň gala diwarynyň düýbünde bir agaç dikilip, ondan uly jaň asylyp goýlupdyr. Başyna iş düşen her bir ýolagçy jaňy kakmak bilen şähere duýduryş berýär eken, ilat bolsa oňa kömege gelip, başyna düşen işden ony halas edýär eken. Bir gezek, adalatly we parasatly Jamalyň ýurdy dolandyrýan wagtynda adamlar jaňyň gaty we howsalaly kakylýandygyny eşidipdirler. Derwezäniň agzyna ylgaşyp gelenlerinde, olar towlanyp duran ägirt uly aždarhanyň jaňy kakýandygyny görüpdirler. Ol aždarha bir zady görkezýän ýaly edip, dag tarapa ümläpdir, soňra bolsa märekäniň arasynda elleri paltaly we byçgyly duran iki ussa tarap ümläp, daga tarap ugrapdyr.

Güljana GARÝAGDYÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar