Ýunus Emre edebiýaty öwreniş ylmynda

6 Fewral 2024
1568

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ylym ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Beýleki ugurlar bilen birlikde, türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynyň ösdürilmegine-de berilýän üns has-da güýçlendi. Türkmen edebiýatynyň köp asyrlyk taryhy, şu güni bilen baglanyşykly derwaýys meseleler möhüm wezipe edilip goýuldy. Milli edebiýatymyzyň öwrenilmegine, onuň ösüş, baýlaşyş ýollaryny seljermäge bolan talaplar täze many-mazmuna eýe boldy. Ylym bilen meşgullanmaga giň şertler döredildi.

Döredilýän mümkinçilikler türkmen edebiýatçylaryny edebiýaty öwreniş ylmynyň möhüm ugurlarynyň, belli-belli şahsyýetleriniň döredijiligini çuňňur öwrenmäge borçlandyrýar. Şeýle şahsyýetleriň biri hem Ýunus Emredir. Ol dünýä meşhurlygyny gazanan beýik söz ussatlarynyň biri.

Gurbanjemal ANNAKOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgäri.
Beýleki habarlar