Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýanyň» çäklerinde elektrik energetikasy Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň binýatlaýyn pudagy bolup, ýurduň beýleki pudaklarynyň hem hereket etmegini üpjün edýär. Türkmenistanyň energetika ulgamy uly artykmaçlyga eýe bolup, ol içerki sarp edijileriň islegini kanagatlandyrýar we şertnamalaýyn esasda bellenilen tertipde goňşy döwletlere elektrik energiýasynyň eksportyny amala aşyrýar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ugry boýunça ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, 2014-nji ýylda Adaty däl we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ugry boýunça ýaş hünärmenler taýýarlanyp başlandy.