Häzirki wagtda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň işini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda dünýä tejribesinden ugur alyp, sanly ulgama geçmek boýunça giň möçberli özgertmeler dowam etdirilýär.
Häzirki zamanyň möhüm talaplaryndan ugur alnyp, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde hem poligrafiýa önümçiligi, tehnologik prosesleriň we önümçilikleriň awtomatizasiýasy, neşirýat işi hünärleri boýunça talyplara döwrebap bilim-terbiýe berilýär. Şunda sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanylýar. Bitewi portal diňe bir mekdebimiziň çäginde hereket etmän, eýsem, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň torlary bilen hem birikdirilendir. Munuň özi teleköpri arkaly wideoşekilli okuw sapaklaryny geçirmäge mümkinçilik berýär.