Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ýokary derejeli tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Ösüşleriň täze belentliklerine barýan ýurdumyzda ykdysadyýeti ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär, kabul edilen maksatnamalaryň esasynda ýokary netijeler gazanylýar. Sanly ykdysadyýet, innowasiýalar, ykjam çözgütler, maglumatlaryň seljermesi ýaly häzirki zaman tehnologik ösüş meýilleri täze mümkinçilikleri açýar. Sanly ykdysadyýetiň üstünlikli hereket etmegi üçin berjaý edilmeli ugurlar bar. Olar internetiň elýeterliligi, programma üpjünçiligi, kämil telearagatnaşyk ýaly üpjünçilik ulgamynyň, hojalyk işini kompýuter torlary arkaly dolandyrmak boýunça elektron işewürliginiň we harytlaryň, hyzmatlaryň internet arkaly ýerlenilmegini üpjün edýän elektron söwda ýaly ugurlardyr.
Ylmy-tehniki ösüşiň täze tapgyryna geçmegi innowasiýa işjeňliginiň ýokarlanmagyny we innowasiýalara düýpli düşünmekde täze çemeleşmeleri talap etdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda önümçilik işlerini, tehnologiýalary ornaşdyrmak, tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak, ylmy gözleg we işläp düzmeler pudagyna bolan islegleri özgertmek üçin ähli şertler bar. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde innowasiýa işjeňligini dolandyrmak, köplenç ýagdaýda, bazar gurşawynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň netijeliligine we kärhananyň serişdelerini, ilkinji nobatda-da, maliýe serişdelerini meýilleşdirmegiň anyk ulgamyna bagly bolup durýar. Innowasiýa taslamalary amala aşyrylanda, her bir kärhana maliýeleşdirmegiň mümkinçiliklerini, taslamany durmuşa geçirmegiň şertlerini we usullaryny seljermelidir. Innowasiýalar kärhananyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrýan ýa-da kärhananyň işini bu ugurda özboluşly häsiýete eýe edýän bäsdeşlik artykmaçlyklaryny üpjün edýär. Ýokary tehnologiýalaryň özleşdirilmegi bilen ýurdumyzyň ykdysadyýeti ählumumy sanly ykdysady ulgama sazlaşykly goşulýar. Halkara ülňüleriniň ýokary derejesine laýyk gelýän we ýokary hilli maglumat gatnaşyklaryny üpjün edýän aragatnaşygyň kämil telekommunikasiýa ulgamynyň döredilmegi ýurdumyzyň dünýä bileleşigindäki abraýynyň pugtalanmagyny şertlendirýär. Şeýle hem, ol döwletimiziň diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde möhüm baglanyşdyryjy bölüm hökmünde däl, eýsem, Gündogaryň we Günbataryň arasynda wajyp maglumat-aragatnaşyk köprüsiniň döredilmegini kesgitleýär.