Taryhymyz ahalteke bedewlerini wasp eden sahypalara diýseň baý. Olaryň biri «Çingiz han», «Baty han», «Soltan Jelaleddin» ýaly dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren ajaýyp eserleri döreden Wasiliý Ýançeweskiniň ýakyn dostuna öwrülen Italmaz atly ahalteke bedewi baradaky maglumatlardyr.
Wasiliý Ýançeweskiý 1875-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda Kiýew şäherinde dilşynas alymyň maşgalasynda dünýä inýär. Ol 1897-nji ýylda Peterburg uniwersitetiniň taryh, dil we edebiýatşynaslyk bölümini tamamlansoň, ilki Russiýada, soňra Beýik Britaniýada hem-de Britan muzeýinde ylmy-etnografiýa gözleglerini amala aşyrýar. Onuň «Pyýadanyň ýol ýazgylary» atly makalalar toplumy şol döwrüň gazet-žurnallarynda çap edilýär. 1900-nji ýylda Zakaspiý oblastynyň general-gubernatory D.Subotiçiň çakylygy boýunça W.Ýançeweskiý Aşgabada gelýär. Şeýlelikde, ýaş alym-ýazyjy gubernatorlygyň bölüm başlygy wezipesinde zähmet ýoluna başlaýar.