Döwletli ojagyň toýly töründe

24 Ýanwar 2024
1376

Ýaşlyk ýyllaryň, bu dünýä ter nazaryň bilen bakýan ýetginjek döwrüň täsirine düşen haýsydyr bir pikiriň, tomaşa eden kinofilmiň, okan kitaplaryň, eşiden gürrüňleriň ömürboýy ýadyňda galýan eken. Haýran galýaryn. Bir aý mundan ozalky zat ýadymdan çykyp bilýär. Emma ýyllaryň gatyna siňen, hakydamyň alys öwrümlerinde galan täsirler asyl ýatdan çykmaýan eken.

Mekdep ýyllarymdy. Mugallym maşgala barada düzme ýazmagy tabşyrdy. Nädip ýazjagymy bilmän, köp oýlanyp oturdym. Gapdalymdaky hatarda oturan gyzyň elindäki dürli suratlar bilen bezelen gutlagnamalara gözüm düşdi. Ünsümi özüne çeken gutlagnamalar biri-birinden owadandy. Asyl şu gün irden, mekdebe gelelimiz bäri, elden-ele geçip, her kimiň guwanjyny, söýgüsini gazanan gutlagnamalaryň ýaňybir eýesine gowşup durşudy. «Menem göräýeýin!» diýip, synpdaşyma ýüzlendim. Olardaky suratlaryň hersiniň aşagynda biri-birinden ajaýyp ýazgylar bardy. Ynha, bu gutlagnamadaky suratda bolsa ýylgyryp biri-birine seredip duran iki sany ýaş çatynja, ellerinde bolsa eýjejik çaga bardy. Bu suratyň aşagyndaky ýazgy mende aýratyn täsir galdyrdy. «Maşgala — bu söýmek we söýülmekdir. Hää... Men gözleýän zadymdan bir uç tapaýdym öýdýän» diýen netijä geldim.

Jeren ANNANEPESOWA,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasynyň esasy hünärmeni
Beýleki habarlar