Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde berkarar Diýarymyzda ençeme döwrebap çagalar baglary, orta we ýörite orta, ýokary okuw mekdepleri, kitaphanalar guruldy, olaryň ählisi hem kämil tehniki enjamlar, kompýuterler we kitaplardyr gollanmalar bilen üpjün edildi. Ýurdumyzda ýaşlar baradaky alada mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlanýar. Çagalar bagyna gatnaýan körpelere türkmen dilinde okamagy we ýazmagy öwretmek bilen bir hatarda, iňlis hem-de rus dilleri öwredilýär. Çagalaryň aňyny has-da kämilleşdirmek üçin çagalar baglarynda geçilýän sapaklarda guralýan dürli oýunlaryň ähmiýeti örän ýokarydyr. Çünki guralýan her bir oýnuň aňyrsynda düýpli maksat dur. Bu oýunlar çagalarda önümleriň we beýleki zatlaryň atlaryny dogry kesgitlemäge, sanlary öwrenmäge, geometrik şekilleri oňat özleşdirmäge höwes döredýär.
Kämil düşünjeli nesli kemala getirmekde çagalar edaralarynyň işgärleriniň, ata-eneleriň öňünde aýratyn möhüm wezipeler durýar. Çagalara asylly terbiýe bermek işi, esasan, başlangyç bilim edaralaryndan, ata-eneden başlanýar. Halkymyzda «Çaga edep görmese, edep görkezmez» diýlen pähim bar. Şonuň üçin her bir guralýan sapagyň, oýnuň täsirli bolmagynyň ähmiýeti uludyr. Çagalar bu täsirli sapaklaryň, oýunlaryň, gepleşikleriň üsti bilen öz pikirlerini yzygiderli, dogry, sowatly beýan etmegiň tärlerini öwrenýärler. Şeýle hem, olaryň sözleýiş we ýazuw endikleri kämilleşýär. Ata-eneler çagalary çagalar bagynyň, okuwyň gapdalyndan sport gurnaklaryna, goşmaça okadylýan okuwlara gatnamagyny üpjün etmelidirler. Çaganyň öýde telewizora seredip ýa-da el telefon oýnap oturmagyna asla ýol bermeli däl. Çagany köp zatlara gatnatjak bolup ýadatmaly hem däl, olaryň kadaly dynç almaklaryny hem gazanmaly.