Dubaý ýokary tizlikli syýahatçylyk kapsulalaryny we gün batareýalarynda işleýän demir ýol awtobuslaryny gurmaga başlaýandygy barada habar berýär. Dubaýyň Ýol we ulag müdirligi täze we innowasion ulag ulgamlaryny işläp taýýarlamk babatda özara düşünişmek hakynda iki sany ähtnama gol çekdi.
Özara düşünişmek hakynda birinji ähtnama Beýik Britaniýada iş alyp barýan we ulag ulgamlaryny işläp taýýarlamakda ýöriteleşen Urban-Mass Company bilen gol çekdi. Bu ylalaşyk dünýäde ilkinji innowasion ulag ulgamy bolan Floc Duo Rail ulgamyny ösdürmegi göz öňünde tutýar. Demirýol görnüşindäki sürüjisiz bu ulgam ulag serişdelerine şäherde çalt we netijeli hereket etmäge mümkinçilik berýär.