“Sagdyn bedende – sagdyn ruh”

17 Ýanwar 2024
780

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň aýratyn aladalary netijesinde ilatyň saglygyny goramak meseleleri döwlet hem-de şahsy häsiýetli ileri tutulýan derejelere geçip, durmuş-ykdysady ösüşiň hemme taraplaryny we ugurlaryny gurşap alýar. Sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürüp, röwşen ertirimiz üçin irginsiz zähmet çekýän hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary netijesinde ýurdumyzda sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de zyýanly endikleri ulanmagyň öňüni almaga gönükdirlen toplumlaýyn çäreler yzygiderli alnyp barylýar. Munuň özi halkymyzyň bagtyýar geljegini gurmakdan, ösüp gelýän ýaş nesli sagdyn durmuş ýörelgelerine eýertmek bilen, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegini üpjün etmekden ybaratdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ynsan saglygyny goramak meselesine aýratyn ähmiýet berlip, ol döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry saýylýar. Milli saglyk ulgamynda gazanylýan uly özgertmeler Hormatly Prezidentimiziň halkyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýandygy baradaky beýik hakykatyň güwäsi bolup durýar. Ýurdumyzda “Saglyk” döwlet Maksatnamasyndan ugur alyp, ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, saglygy goraýyş hyzmatlaryny halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmek üçin innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan halkara merkezleri açylyp ulanylmaga berilýär. Halkymyzyň beden we ruhy sagdynlyk baradaky ýörelgeleri ileri tutulyp, adamlaryň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaklary üçin ähli amatlyklar döredilýär.

Dursunaý KURBANKULYÝEWA
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni
Beýleki habarlar