Gyşda peýdaly önümler

17 Ýanwar 2024
1161

Mähriban çagalar, gyş paslynyň dowam edýän günlerinde derläp daşary çykylmagy, sowuk howada köp durulmagy, iýmitiň sowuklygyna iýilmegi, buz ýaly sowuk içgileriň içilmegi sowuklama, dümew ýaly keselleriň döremegine sebäp bolup bilýär. Eger dümewlän ýagdaýyňyzda hökman lukmana ýüz tutmaly. Ýokanç keselleriň öňüni almak üçin limonly çaý, gyzyl burç atylan unaş içmeli.

Keselleriň öňüni almak üçin hemişe öz saglygymyzy berkitmeli. Immuniteti, ýagny bedeniň daşky gurşawdaky dürli kesel döredijilere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmaly. Onuň üçin wagtly-wagtynda hem saglyga peýdaly bolan iýmitleri, önümleri iýmeli.

«Güneş».
Beýleki habarlar