Ynsan ýaşaýşynyň öz kadalary bar. Adam iýmitlenende, geýnende we beýleki her bir ýagdaýlarda tebigat bilen sazlaşykly bolup, öz duýgularyny diňlemeli. Olara görä, ünsli hereket etmeli. Mysal üçin, gyş pasly adamdan öz bedenini ýyly saklamagy talap edýär. Şonuň üçin howa derejesiniň peselen häzirki günlerinde paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda, möwsüme görä, ýyly egin-eşikleri, gyş aýakgaplaryny, şeýle hem başgap bilen ellik geýmek hökmany talaplaryň biridir. Geliň, bularyň beden saglygyny üpjün etmekdäki ähmiýeti barada durup geçeliň.
Her paslyň özüne mahsus howasy bar. Güýzde howa sowap başlaýar, gyşyna has sowuk bolýar. Şunda howa şertlerine görä, esasan hem, aýaklary we kelläni ýyly saklamaga üns bermek gerek. Aýaklar bedeniň ýylylygyny üpjün edýän we çyga has duýgur beden agzalarynyň hataryna girýär. Olar näçe ýyly saklansa, beden şonça-da ýyly bolýar. Ýöne ädigiň içinden gat-gat ýyly jorap geýip, aýaklary derläp durar ýaly hem etmeli däl. Eger aýaklar derlese, çyglanan joraplar bilen birlikde aýakgaby-da çalyşmaly.