Ilatyň saglygynyň goragynda

16 Ýanwar 2024
787

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gahryman Arkadagymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, keselleriň öňüni almak, ilatyň saglygyny goramak boýunça başyny başlan beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýär. Munuň üçin ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap hassahanalar, saglyk merkezleri gurulýar. Bular bilen birlikde ýerlerde hassahanalaryň durklary düýpli täzelenilýär. Şeýle işler biziň etrap hassahanamyzda hem geçirildi we ol geçen ýylda dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Bu ýerde kämil lukmançylyk enjamlary oturdyldy. Şonuň netijesinde etrabymyzyň ilatyna ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary has elýeterli boldy. Bular barada hassahananyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň hasabat ýygnagynda guwanç bilen durlup geçildi.

Ilatyň saglygyny goramak ýaly möhüm meselede oňyn netijeleri gazanmakda lukmanlar üçin kadaly iş şertleriniň döredilmeginiň ähmiýeti kiçi-girim däldir. Bu mesele diňe bir etrap hassahanasynda däl, eýsem, beýleki saglyk merkezlerinde hem üstünlikli çözülýär. Agzalaryň 360-a golaýyny özüne birleşdirýän kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy bu meseläni üns merkezinde saklaýar. Hasabat döwründe agzalaryň 40-a golaýyna arkalaşyk kömegi berildi. Şeýle-de saglygy goraýyş işgärleri we olaryň maşgala agzalary ýurdumyzyň sapaly ýerlerinde hereket edýän sagaldyş we dynç alyş merkezlerine ýollanmalar bilen üpjün edilýär.

Gülüstan ABDULLAÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Dänew etrap birleşmesiniň buhgalteri.
Beýleki habarlar