Ekologik medeniýet — sagdyn geljegiň girewi

16 Ýanwar 2024
1857

Häzirki wagtda ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, tebigaty gorap saklamak döwrüň wajyp meseleleriniň biri hasaplanýar. Ylmy-tehniki progresiň netijesinde, tebigaty aýawly saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak ýörelgesiniň talaplary hem yzygiderli artýar. Şol sebäpden, tebigaty goramak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, ekologik medeniýeti berjaý etmek wezipelerini durmuşa geçirmekde ýaş nesliň uly orny bolup, bu babatda bilim ulgamy aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki bu ulgam ýaş nesilleri terbiýelemekde, watansöýüji, ahlak taýdan arassa, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýýan, bilimli, ylymly şahsyýetleri kemala getirmekde esasy güýç bolup durýar.

Häzirki zaman şertlerinde adamzat jemgyýetiniň we biosferanyň sazlaşykly ösmegi üçin inžener-tehniki ugurly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň aňyna «ekologik medeniýet» düşünjesini ornaşdyrmakda, olara öz hünärinden daşgary, ekologik howpsuzlyk babatda hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça bilim bermegiň hem aýratyn ähmiýeti bardyr. Islendik inžener-tehniki ugurly bilim ojagyny tamamlaýan talybyň ýyllyk taslama ýa-da diplom-taslama işlerini ýerine ýetirende emele gelen netijelere laýyklykda, taslamanyň energonetijeliligi ýokarlandyrýan, ykdysady bähbitliligi bolan we ekologik şertlere kybapdaş hasaplamalary hem-de täzelikleri ýüze çykarmak wezipesi onuň baş şerti bolup durýar. Şol sebäpden, inženerçilik ugurly ýokary bilimi bolan hünärmen zähmet çekýän önümçiliginde we taslamalarda, esasan, üç şertiň — energotygşytlylygyň, ykdysady bähbitliligiň hem-de ekologik medeniýetiň berjaý edilmegini esasy ugur edinýär.

Rahat NEPESOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň direktory, tehniki ylymlaryň kandidaty.
Beýleki habarlar