Naryň saglyga peýdasy

12 Ýanwar 2024
919

Naryň şiresi antioksidant täsirli bolup, işdäňi açýar. Arterial gan basyşyňy peseldýär, iýmit siňdiriş mäzleriň işini sazlaýar. Süýjüli diabet keselinde ganyň düzümindäki süýjiniň ýokarlanmazlygyna ýardam edýär. Öt sowuklama, aşgazanasty mäziň sowuklamasyna hem täsiri uly. Ol bedeniň umumy gowşaklygynda, sowuklama keselinde, göz kesellerinde, üsgülewükde bejerijilik täsirine eýe bolup durýar. Naryň gabygy gaýnadylyp içilende, nerw ulgamyny köşeşdirýär, içgeçme keselinde hem derdiň dermany bolup hyzmat edýär.

Nar immun ulgamynyň berkemegine ýardam edýär. Dürli görnüşli işdäaçarlar taýýarlanylanda, nardan peýdalanmak maslahat berilýär. Çünki onuň düzüminde C witamin bolup, ol iýmiti siňdirijilik häsiýete eýedir.

Nabat AGABAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 2-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar