Saglykda ýetilen sepgitler

10 Ýanwar 2024
1059

Türkmen halky taryhyň dowamynda özüniň öçmejek ynsanperwer gymmatlyklaryna hem-de asylly ýörelgelerine eýermek bilen, ösüp gelýän ýaş nesiller, olaryň saglygy barada alada edip, ýaşlaryň zähmetsöýerlik hem-de ene topraga çäksiz söýgi ruhunda hemmetaraplaýyn bilimli, terbiýeli şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine uly üns beripdirler. Bu ýol-ýörelge bolup, halkymyzyň durmuşyna mäkäm ornap galypdyr.

Taryhy eýýamlardan gelýän bu ýörelgeler döwrüň ruhuna laýyk derejede ösdürilýär. Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen halky öz geljegi bolan çagalaryna terbiýe bermäge, ýaşlaryň başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldamaga aýratyn üns beripdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de bu ýol-ýörelge döwrebap dowamat-dowamyny saklap gelýär. Döwletimizde gurlup ulanmaga berilýän döwrebap halkara saglyk merkezleri, hassahanalar, saglyk öýleri, anyklaýyş merkezleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Saparmyrat ANNAMUHAMMEDOW,
Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynyň direktory.
Beýleki habarlar