Mähremlik

9 Ýanwar 2024
1507

Çagalykda men çemesiz bolamsoň, ejem bilen kakamdan hökman käýinç alardym. Sebäbi tagaşyksyz hereketlerim bilen oýnawaçdyr gap-gaçlary döwerdim, ýa-da egin-eşiklerimi hapalap gezerdim. Umuman, öýde-daşda men hökman bir başagaýlyga uçraýmalydym.

Bir gün ejem hormatly zähmet dynç alşyna çykan halypasynyň doglan gününi gutlamak üçin olara myhmançylyga gitmäge hyýallandy. Meni hem ýany bilen alyp gitmeli boldy. Çemesiz häsiýetimden ýaňa, öň kän bir myhmançylyga-da gidip ýörmämsoň, diýseň begendim. Ejem ýolda maňa özümi edepli alyp barmagymy sargady.

Oguljennet ALLAMYRADOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar