Edep, ekram, eda

28 Dekabr 2023
1846

Bu setirler sere, dana Pyragynyň goşgular kitabyny ele alyp, gör, eýýäm näçenji gezek okap çykamsoň geldi. Her gezegem bu dürdäne setirler seniň bilen başgaça «sözleşýär». Bu gün olar meniň elime galam alyp, ýüregimi egismegime sebäp boldy. Zatlaryň, wakalaryň, hadysalaryň düýp maňzyny gözlemek häsiýeti bizi gurşap alýan dünýä inçelik bilen bakdyrýan eken. Bu endige eýerip, ene dilimiziň fonetikasynda-da käbir aýratynlyklaryň bardygyny özüm üçin açdym. Täsin ýeri — türkmen dilinde her birimiz üçin ýakymly zatlaryň ady «E» harpyndan başlanýan ekeni.

Ene, eje, eziz... Dünýä döräli bäri ynsan nesliniň aňyny eýelän EBEDILIK syry. Pähimler äleminiň ägirtleriniň baky gymmaty gaçmaz işlerinde bu sowallar parça matasynda zer sapaklary ýaly eriş-argaç geçipdir. Olaryň her biri bu sowallara özüçe jogap gözläpdir. Köpüsem jogap däl-de, täze, has çuň sowallara duçar bolupdyr. Asyrlar aşyp, eýýamlar aýlansa-da, şol sowallaryň ýitiligi peselenok. Meniň şu günki sadaja pikir ýöretmäm hem şol inçe duýgular dünýäsine ilkinji, çekinjeň, sadadan sypaýy köňül seýli boldy. «E» sesinden başlanýan sözleriň içinden her bir adama edil howa ýaly zerury saýlanyp öňe çykdy.

Abadan ŞALLYÝEWA,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň «Miras» žurnalynyň türkmen ýazgylarynyň redaktory.
Beýleki habarlar