Togdary

20 Dekabr 2023
1415

Ýaşaýyş aýratynlygy boýunça togdary Türkmenistanda gyşlaýar. Düzlüklerde duş gelýär, sazagyň gür ösen we baýyrlyk ýerlerden gaça durýar, şoraly hem-de ýowşanly ýerleri halaýar. Dag eteginde giňden ýaýrandygyna garamazdan, togdary daglarda duş gelmeýär. Togdary özüni örän seresaply alyp barýar, ýerden sähel ýokarda uçýar. Ol sagatda 35-40 kilometr tizlikde ylgaýar. Olar höwürtge gurmaýarlar, mäkiýany ýumurtgalarynyň daşyna gury baldaklary üýşürýär. Ýumurtgasyny 21—23 gün basyrýar. Togdary ownuk oňurgaly haýwanlar, mör-möjekler, ösümlikleriň dürli bölekleri bilen iýmitlenýär.

Häzirki wagtda dünýä derejesinde ýitmek howpy abanýan togdary Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň Gyzyl sanawyna, şeýle-de Ösümlikleriň we haýwanlaryň ýitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasy hakyndaky Konwensiýasynyň birinji goşundysyna girizilendir.

Näzik ÖWEZOWA,
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň kiçi ylmy işgäri.
Beýleki habarlar