Ylym — geljege şamçyrag

13 Dekabr 2023
1599

Ýurdumyzda ylym ulgamy dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýär, onuň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, ylmyň möhüm ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek, ýaş alymlary, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça giň mümkinçilikler döredilýär. Şunda himiýa senagaty üçin gerekli çig mallaryň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýelemek bilen Türkmenistan özünde bar bolan tebigy serişdeleri işjeň özleşdirip, umumadamzadyň bähbidine gönükdirýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty, esasan, 3 ugur boýunça ylmy-barlag işleri alyp barýar. Bu işler birinjiden, ýurdumyzyň gidromineral hem-de uglewodorod çig mallaryny toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň ylmy esaslaryny, tehnologiýalaryny işläp düzmek we önümçilige ornaşdyrmak; ikinjiden, himiýa, nebit-gaz senagaty we beýleki pudaklarynyň önümçiliklerine ylmy-tejribe kömegini bermek, seljeriş işlerini, ylmy-önümçilik barlaglaryny hem-de derňewlerini geçirmek esasynda tehnologiýa resminamalaryny işläp düzmek; üçünjiden, ýurdumyzyň suw, toprak, howa gurşawlarynyň himiýasyny we ekologiýasyny öwrenmek we baha bermek ýaly möhüm meseleleri öz içine alýar.

Akjagül SAPAROWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alym kätibi.
Beýleki habarlar