Durnukly ösüşiň kepili

7 Dekabr 2023
1264

Türkmenistan örän wajyp ekologik ähmiýetli halkara hukuk resminamalary bolan hem-de dünýäde howanyň antropogen täsiriniň peseldilmegine gönükdirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyny, Kioto teswirnamasyny   hem-de Pariž ylalaşygyny tassyklamak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär. Ýurdumyzyň milli derejede edýän tagallalary häzirki zaman ekologiýa meseleleriniň özara baglanyşygyna, her bir ýurduň tejribesini öwrenmegiň wajyplygyna taglymatlaýyn garaýşyna esaslanýar.

Şu ýylyň 1-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiziň BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (COP-28) gatnaşmagy hem-de bu iri halkara forumynda çuňňur esaslandyrylan oňyn başlangyçlary öňe sürmegi howanyň üýtgemegine garşy göreşmegiň ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýandygyny tassyklaýar. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny mälim etmek bilen, bu borçnamadan gelip çykýan şertleri iş ýüzünde ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdiriljekdigini nygtady.

Süleýman DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Maglumatlar merkeziniň müdiri.
Beýleki habarlar