Gowaça süýüm alynýan oba hojalyk ekinleriniň arasynda iň ähmiýetlisi bolup, ol ýurdumyzyň ähli welaýatynda ösdürilip ýetişdirilýär. Gowaça çigidinden mallar üçin iým we azyk önümçiliginde giňden ulanylýan ýag alynýar. Gowaça çöpi hem senagat ähmiýetlidir. Ýaňy-ýakynda institutymyzyň halypa mugallymy, tejribeli himiýaçy Taýyr Mämedow bilen köp synanyşyklardan soň gowaça çöpünden «furfurol» atly himiki birleşmäni almagy başardyk. Munuň üçin ilki gowaça çöpüniň düzümini seljerdik we onda sellýulozanyň, ligniniň, geksozanlaryň, pentozanlaryň we kül emele getiriji maddalaryň bardygyny anykladyk. Netijede pentozana beýleki himiki serişdeler bilen kükürt kislotasyny goşup, ony gaýtadan işläp, furfuroly alyp bolýandygyny tejribe arkaly ýüze çykardyk.
Furfurol senagatda öndürilýän himiki birleşme bolup, ony dürli oba hojalyk ekinleriniň galyndylaryndan, şol sanda gowaça çöpünden hem öndürmek mümkindir. Furfurol we onuň furan spirti ýaly önümler gaty smolalary, aýna süýümlerini almakda we mineral dökün hökmünde ulanylýar. Onuň düzümi seljerilende, gowaça çöpünden alnan furfurolyň dünýä ülňülerine laýyk gelýändigi anyklanyldy. Geljekde furfurolyň önümçiliginiň giň gerimde ýola goýulmagy ýurdumyzyň önümçilik binýadyny has-da ýokarlandyrmaga we galyndylaryň daşky gurşawa täsirini peseltmäge goşant goşar. Şeýle hem zyňyndylary gaýtadan işlemegiň ekologiki we ykdysady taýdan bähbitlidigini aýratyn nygtamak gerek. Çünki häzirkizaman dünýä tejribesinde bu ugra aýratyn uly üns berilýär.