Jümle-jahan habarlary

7 Dekabr 2023
1644

Ranganahti ybadathanasy

Dünýäniň iň uly we täsin binagärlik toplumlarynyň biri-de Hindistanda ýerleşýän Ranganahti ybadathanasydyr. Biziň eýýamymyzyň I asyryna degişli bolan bu toplum hindi hudaýy Wişna bagyşlanyp gurlupdyr. Ol ýurduň Tamilnad ştatyndaky Şrirangam adasynda ýerleşýär. Täsin binagärlik gurluşyna eýe bolan bu ybadathana 63,1 gektar meýdany eýeleýär. Ol ululygy boýunça dünýäde ikinji orunda dursa-da, häzirki wagtda hereket edýän ybadathanalaryň sanawynda birinji orny eýeleýär. Bu ýerde köp asyrdan bäri dowam edip gelýän dini däp-dessurlar berjaý edilýär. Ybadathananyň daş-töweregi 7 gatly diwar bilen gurşalyp, olaryň umymy uzynlygy 10 kilometre ýetýär. Ranganahti ybadathanasy 2014-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy.

(Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
Beýleki habarlar