Oguz han asylly türkmen

5 Dekabr 2023
2006

Takyk ylmy çeşmeler, antropologik maglumatlar türkmenleriň ata-babalarynyň häzirki Türkmenistanyň çäginde müňlerçe ýyllaryň dowamynda ýaşandyklaryna şaýatlyk edýär. Türkmenistan adamzat siwilizasiýasynyň kemala geliş merkezleriniň biridir, biziň halkymyz bolsa dünýä medeniýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan halkdyr diýip, buýsanç bilen aýdyp bolar.

Türkmenler Zemindäki iň gadymy halklaryň biri bolup, oguzlaryň nesilleridir. Halkymyz öz nesilbaşysy, at-owazasy dünýä ýaýran Oguz hanyň adyny guwanç bilen tutýar. Watany söýmek, halka wepaly bolmak, bellenilen maksada ýetmekde tutanýerlilik görkezmek, batyrlyk we edermenlik ýaly milli häsiýetler Oguz hanyň ady bilen baglanyşyklydyr.

Nurgözel BÄŞIMOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri.
Beýleki habarlar