«Ýedidogan Nur» hojalyk jemgyýeti azyk we azyk däl önümleriniň maýyşgak gaplamalaryny (rotagrawýura) çuňňur çap etmek usulynda öndürýär. Bu kärhana ýurdumyzda azyk harytlarynyň maýyşgak gaplamalaryny öndürýän ilkinji we ýeke-täk kärhanadyr. «Ýedidogan Nur» hojalyk jemgyýeti öz işine 2019-njy ýylyň maý aýynda başlaýar we onuň ilkinji hyzmatdaşlary «Tomus», «Kirpi», «Salkyn» kärhanalarydyr. «Ýedidogan Nur» hojalyk jemgyýeti ilki bary-ýogy 20 — 30 sany dizaýny bilen işe girişýär. Gysga wagtyň içinde önümleri bilen telekeçileriň ünsüni özüne çekmegi başarýar. Häzirki wagtda 70-den gowrak telekeçiniň buýurmalaryny ýerine ýetirýän bu kärhana bu günki gün 450 — 500-den gowrak dizaýn işlerini özünde jemleýär.
«Ýedidogan Nur» hojalyk jemgyýetiniň atlandyrylyşy barada gysgaça aýtsak, kärhananyň direktory Nurmuhammet Abdyrasulowyň ýedi ogly bar. «Nur» sözi bolsa Nurmuhammet aganyň adynyň birinji bölegidir.