Türkmen tebigatynyň täsin daşlary

25 Noýabr 2023
1366

Daşlar tebigatyň täsin görnüşli, owadan mineral jisimleridir. Olar, mineral düzümleriniň dürlüligine baglylykda, iki topara, ýagny gymmat bahaly we bezeg daşlaryna bölünýärler. Gymmat bahaly daşlaryň esasy aýratynlygy olaryň altyn öwüşgini, arassalygy, berkligi, owadanlygy bilen kesgitlenýär. Tebigy reňkli daşlar örän seýrek tapylýar we iň ýokary çeperçilik bilen bejerilýär. Bezeg daşlary dürli reňkli tebigy minerallardan we dag jynslaryndan ybaratdyr. Olardan dürli reňkli, ençeme görnüşli çeper nagyşlar, dekoratiw bezegler ýasalýar, şeýle-de olar gurluşykda peýdalanylýar. Gymmat bahaly we bezeg daşlary dürli geologik hadysalaryň netijesinde emele gelýärler.

Türkmen tebigatynda gymmat bahaly we bezeg daşlarynyň dürli görnüşleri bardyr. Şolaryň içinde Ural dagynda duşýan zümerret, malahit, aleksandrit, ýaşma, topaz, mermer ýaly tebigy daşlar hem bar. Bu daşlar bütin dünýäde meşhurdyr.Tüwergyrda ýaşma, Köýtendagynda halsedon, mermer görnüşli oniks, Magdanly, Köýtendag, Köpetdag, Uly Balkan, Türkmenbaşy sebitlerinde gips, angidrit we dolomit, Gubadagda mermer ýaly bezeg daşlaryna duş gelmek bolýar.

Aýymjan BAÝRAMOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar