Daşky gurşawyň abadançylygynyň goragynda

22 Noýabr 2023
1876

Daşky gurşawy döwrüň talaplarynyň derejesinde gorap saklamak, tebigy baýlyklardan aýawly peýdalanmak, tebigat bilen sazlaşykly iş alyp barmak meseleleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde oňyn çözgüde eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly syýasaty bilen ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Tebigat gözelliklerini goramak, daşky gurşawy aýawly saklamak, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak babatda durmuşa geçirilýän işler, bu ugurda badalga berlen maksatnamalar häzirki we geljekki nesilleriň abadan hem bagtyýar durmuşy, saglygy baradaky aladany öz içine alýar.

Çuňňur hormatlanýan Prezidentimiz gojaman Hazar deňziniň suwunyň arassalygyny gorap saklamak, onuň hapalanmagynyň öňüni almak bilen baglanyşykly derwaýys işleri amala aşyrmakda maksada okgunly, nusgalyk başlangyçlary öňe sürýär. Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşýän kärhanalarda, guramalarda, sebitde işleýän daşary ýurt kompaniýalarynda, deňizde hereket edýän gämilerde suw hem-de ýer baýlyklarynyň, atmosfera howasynyň goralyşyna, rejeli peýdalanylyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrmak biziň gullugymyzyň hünärmenleriniň esasy wezipesi bolup durýar. Olar suwuň hapalanmagy, howa zyýanly maddalaryň goýberilmegi ýaly ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň öňüni alyş çärelerini durmuşa geçirýärler. Ýaramaz ýagdaýlar ýüze çykan mahalynda bolsa, kemçiliklere ýol beren jogapkär adamlara teklipnamalar iberilýär, bellenilen tertipde çäre görülýär. Elbetde, biziň esasy wezipämiz ýüze çykýan ýaramaz ýagdaýlaryň öňüni almakdan ybarat bolup durýar. Şol jähetden hem hünärmenlerimiz geçirilýän barlaglaryň dowamlylygyny we netijeliligini gazanmak ugrunda yhlas siňdirip zähmet çekýärler.

Arzuw NURTAÝEWA,
Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň ekologiýa maglumatlary we meýilnamalary bölüminiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar