Leýlisaç – gadymy agaç

21 Noýabr 2023
1757

Leýlisaç agajy söwütler maşgalasyna degişli bolup, özüniň daşky owadan keşbi bilen beýleki ak söwüt, tal, garasöwüt ýaly agaçlardan düýpgöter tapawutlanýar. Uzyn saçyny çöşläp, ýere döküp oturan gyzy ýadyňa salýan leýlisaç agajyna köplenç ýollaryň gyralarynda, seýilgählerde, akar suwly ýaplaryň boýunda duşmak bolýar. Tebigatyň ajaýyp gözellikleriniň biri bolan bu agajyň adynyň «Leýlisaç» diýlip atlandyrylmagy bilen bagly birnäçe rowaýatlar halk arasynda agyzdan-agza geçip gelýär.

Şol rowaýatlaryň birinde aýdylmagyna görä, ýedi aşygyň biri hasaplanýan Mejnunyň magşugy Leýli gyzyň saçy şeýle bir owadan, şeýle bir uzyn bolupdyr welin, ýere ýetip duranmyş. Günleriň birinde Mejnun öz söwer ýary bilen duşuşmaga gaýdýar. Seretse, akar suwly ýabyň boýunda onuň Leýlisi uzyn, owadan saçyny ýuwup dur diýýär. Bu ýagdaýa aňk bolan Mejnun birbada özüni ýitiripdir, soňra öz bolşundan özi utanyp, gelenini duýdurman yzyna dolanypdyr. Birnäçe wagt geçirip, ýene-de akar ýabyň boýuna Leýlisiniň oturan ýerine dolanyp gelse, eýýäm gyz ýok diýýär. Ol ýerde Leýlä derek näzijek şahajyklary ýere sallanyp duran, saçyny döküp oturan gyza çalymdaş örän owadan bir agaç gögerip otyrmyş. Bu ahwalata geň galyp, näderini bilmedik Mejnun ol agajyň ýere ýetip duran baldajyklaryny sypalap, «Leýlim, Leýlim» diýip uzak wagtlap gözýaş döküp oturypdyr. Şol günden soň, bu agajy «Mejnunyň agajy», «Mejnun taly», «Leýliniň saçy» diýip atlandyrypdyrlar.

Ogulboldy ÖWEZOWA,
Görogly etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar