Gaz we gazkondensat guýularynda kislota bilen tijendiriş işlerini geçirmekligiň esaslary

20 Noýabr 2023
1259

Burawyň häzirki zaman tehnologiýalary ýokary temperaturaly has çuň gatlaklary açmaklyga mümkinçilik berýär, şular ýaly ýagdaý hapalanan (kolmatirlenen) kollektory kislota bilen arassalamagyň usullarynyň üstünde işlemegi we kämilleşdirmegi talap edýär. Şunuň ýaly guýularda kislota bilen işleriň howpsuz ýagdaýda geçirilmegini üpjün etmek üçin ýokary temperaturanyň döredýän täsirlerini öwrenmek zerur bolup durýar.

Ylmy edebiýatlaryň derňewleri geçirilip, ýokary temperaturaly guýularda gatlaklary kislota bilen işläp bejermekde döreýän esasy meseleler we kemçilikler ýüze çykaryldy. Şol sanda aşakdaky meseleler: kislotanyň çalt bitaraplaşmagy, çökündi emele gelmäniň intensiwligi, demriň poslama prosesiniň çaltlaşmagy, şeýle hem kislotaly erginleriň termodurnuklylygynyň çäkleri Gündogar Türkmenistanyň gaz we gazkondensat ýataklarynyň mysalynda seredildi.

Bahar BERDIÝEWA,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň Gaz we gazkondensat känlerini işläp geçmek bölüminiň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar