«Köňül bir beden şahydyr...»

17 Noýabr 2023
1548

...Gazet-žurnallarda ýa-da radio-teleýaýlymlarda uzak ýaşly ildeşlerimiz baradaky söhbetleri okanyňda, diňläniňde dünýäňi giňeldýän, göwnüňi göterip, ýaşaýşa höwesiňi artdyrýan bir ýakymly duýgyny başdan geçirýärsiň. Nesip etse, ynsan ömri, gör, nähili uzak hem bolup biljek ekeni! Redaksiýanyň tabşyrygy boýunça 2021-nji ýylda Mary etrabynyň Babasary obasyndan 121 ýaşly Ajapsoltan eje bilen duşuşan pursatlarymyň täsiri henizem hakydamdan çykanok. Şol pursatda aňymda deňeşdiripdim: pensiýa ýaňyrak çykan adamlar, seredip otursaň, şu mährem enäniň ýaňy ýarpy ýaşyny ýaşapdyrlar ahyryn!

Bu gün, nesip edenden, Alla sylap uzak ýaş beren, yrylmaz rysgal-döwletiň eýesi, il sylagly ýaşuly, Mary welaýaty boýunça heniz ýaşap ýören uruş weteranlarynyň iň soňkularynyň biri Aýdogdy Amadyýew bilen duşuşmaga barýaryn. Pikir edýän, tolgunýan, duşuşjak ýaşulym ýöne adam bolmaly däl. 105 ýaşynda yra-dara aýak üstünde girip-çykyp ýören, neberesi küren oba bolan, 24 sany ýuwlugyň garry atalary-babalary bolup oturan Aýdogdy aganyň Hakyň keramatly nazary düşen saýlantgy ynsandygyna ynanasyň gelip dur.

Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar