Gülzarly geljegimiziň meselesi

15 Noýabr 2023
1322

Dogrusy, ene topragymyzyň gözel tebigatyny goramak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak hemişe aladasy edilmegi derwaýys meseledir. Çünki, ajaýyp gözelligi özünde jemleýän tebigatymyz biziň öýümizdir. Güneşli Diýarymyzyň tebigaty gymmatly baýlygymyz bolup, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, köpdürlüligini aýawly goramak bilen geljekki nesillere ýetirmek biziň wajyp wezipämizdir. Şu wezipä hormatly Prezidentimiz hemişe uly üns berip, tebigatymyzy goramak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak, tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmak bilen bagly wezipeleri öňde goýýar.

Gürrüňi edilýän ugruň kanunçylyk-hukuk kadalaryny kämilleşdirmekde netijeli işler alnyp barylýar. Bu ugurda kanunlaryň we hukuk namalarynyň 50-den gowragy kabul edildi. “Tebigaty goramak hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda” we beýleki Kanunlarda hem-de Kodekslerde gürrüňi edilýän meseläniň kämil kanunçylygy kesgitlenendir. Tebigaty goramakda, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmakda, ýerasty baýlyklar gazylyp alnanda ekologiýa zyýan ýetirilmeginiň öňüni almakda we beýleki gurluşyk-gurnama işlerinde kanunçylygyň berjaý edilmeginiň ähmiýeti uludyr.

Beýleki habarlar