Tebigaty goramak – sagdyn durmuşyň kepili

14 Noýabr 2023
1169

Ýakynda Lebap welaýat Kärdeşler arkalaşyklarynyň agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň we Türkmenabat şäher Geňeşiniň guramagynda «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynda «Tebigaty goramak — sagdyn durmuşyň kepili» atly okuw maslahat geçirildi. Okuw maslahatyň çäklerinde «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň sözde wasp edip bolmajak gözel tebigatyna gezelençler guralyp, ondaky janly-jandarlara, haýwanat dünýäsine syn edildi we olar dogrusyndaky goraghananyň ylmy işgärleriniň täsirli çykyşlary diňlenildi.

Okuw-maslahatyna gatnaşyjylaryň ünsüni çeken şatlykly wakalaryň biri hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji mejlisinde ýurdumyzyň «Repetek» döwlet biosfera, «Bereketli — Garagum», «Gaplaňgyr» goraghanalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky buýsançly çykyşlar boldy. Bulardan başga-da, çykyşlaryň dowamynda «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň çäginde ýerleşýän Ýerajy döwlet goraghanasynyň kölüniň haýwanat we tebigat dünýäsiniň aýratynlyklary barada gyzykly, täsirli gürrüňler berildi. Okuw maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmeklerini arzuw etdiler.

Çemengül HUDAÝBERENOWA,
Agrosenagat işgärleriniň KA-nyň Türkmenabat şäher geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar