Tebigaty goramak — borjumyz

8 Noýabr 2023
1183

Tebigat ähli janly-jandarlaryň öýi hasaplanýar. Şol sebäpli daşky gurşawa aýawly çemeleşmek her bir ynsanyň borjudyr. Daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek, tebigatyň adamzada eçilen gymmatlyklaryny, ýagny agyz suwuny, topragy tygşytly ulanmak, şeýle hem ýitip ýok bolmak howpy abanýan jandarlary, ösümlikleri gorap saklamak wajyp wezipe hasaplanýar. Häzirki wagtda ekologiýa dünýäde esasy meseleleriň biri bolup, daşky gurşawy abat saklamaga gönükdirilen işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda bu ugurda netijeli işler alnyp barlyp, daşky gurşawy goramagyň hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň kanunçylyk binýady düýpli kämilleşdirilýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň «Tebigaty goramak hakyndaky» Kanuny daşky gurşawy goramak babatdaky kanunçylygymyzda aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bu kanun tebigaty goramagyň hukuk esaslaryny kesgitlemek bilen bir hatarda, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge, hojalyk hem-de beýleki işleriň tebigata zyýanly täsirini ýetirmezligine, biologik köpdürlüligi gorap saklamaga we tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir.

Ýurdumyzda howanyň arassalygyny, daş-töweregimizi gurşap alýan «gök guşaklaryň» ösdürilmegini, suw, ýer we tokaý serişdeleriniň berk goraglylygyny üpjün etmekde, ösümlik, haýwanat dünýäsiniň dürlüligini gorap saklamakda alnyp barylýan işler oňyn netijeleri berýär. Şonuň netijesinde, häzirki wagtda daşky gurşawy goramak maksadynda döwletimiz tarapyndan senagat önümçiligi döwrebaplaşdyrylýar hem-de önümçilige ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Raziýa GAÝYPJANOWA,
«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar