Pepino

7 Noýabr 2023
1163

Ýer ýüzünde duş gelýän täsin ösümlikleriň arasynda pepinony (latynça Solanum muricatum) agzaman geçmek mümkin däl. Pepino beýleki käbir ylmy çeşmelerde «gawun armydy» ýa-da «süýji hyýar» atlary bilen hem tanalýar. Bu täsin ösümligiň owadan, üýtgeşik miweleri bolýar.

Itüzümler maşgalasyna degişli bolan bu köpýyllyk ösümlik mydama ýaşyl öwüsýän gyrymsy agaçdyr. Onuň şahalanýan baldagynyň boýy 1,5 metre çenli ýetýär. Pepinonyň miweleriniň ysy gawunyň, hyýaryň we az-kem kädiniň ysyna meňzeýär. Miweleri köplenç açyk ýaşyl we limon sary reňkli bolup, daşky gabygynda melewşe reňkli çyzyjaklar geçendir. Pepinonyň miwesiniň düzüminde 90 – 92 göterim suwuň, şekeriň hem-de C witamininiň ýokary mukdarynyň saklanýandygy sebäpli, tagamy turşumtyk süýjüdir. Miweleriniň ölçegi 180 – 400 gram aralygynda bolup, daşky görnüşi gawuna hem armyda meňzeýär. Edil gawunda bolşy ýaly, tohumlary miwesiniň merkezinde ýerleşýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Şamuhammet GAÝYPOW,
Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.
Beýleki habarlar