Ý.kakaýew adyndaky HNGU-da suwy elektroliz etmek arkaly wodorod ýangyjy alyndy

6 Noýabr 2023
1535

Türkmenistanyň alymlary ilkinji bolup suwy elektroliz etmek arkaly wodorod ýangyjyny aldylar. Bu barada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wodorod energetikasy merkeziniň direktory Hakberdi Hoşdurdyýew 25 — 27-nji oktýabrda Aşgabatda geçen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi.

Onuň belleýşi ýaly, wodorod energetikasy merkeziniň barlaghanasynda suwy elektroliz etmek arkaly wodorod ýangyjyny almak boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar, tejribe desgasyny ulanmak boýunça usuly gollanma taýýarlanylýar.

Maýa ÖWLÝAGULOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar