MYRAT TAPAN YHLAS

2 Noýabr 2023
1635

Sakasynda hormatly Prezidentimiz duran oba hojalyk özgertmeleri oňyn miwesini hem berýär. Türkmen oba-hojalykçylary özleri üçin edilýän çäksiz yhlasyň, döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde ýer bilen işlemekde tejribesini artdyryp, ýylyň ýylyna ekinleriň dürli görnüşlerinden bol hasyl alýarlar. Pudagyň ylmyň güýji bilen kämilleşdirilmegi bolsa netijeliligi ýokarlandyrýar.

Ekiniňki dökün bilen. Dökün näçe gowy bolsa, hasyl hem şonça kän, ýerem şonça gurply bolýar. Oba hojalykçylar azot, fosfor we kükürt garyşdyrylan döküniň  has ýokary hasyl  berýändigini bilýändirler. Ylmy dilde şeýle dökünler «NPS dökünleri» diýlip atlandyrylýar. Ynha, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Täze maddalary sintezlemegiň tehnologiýalary barlaghanasynyň esasy inženeri Enejan Kulyýewa döküniň şeýle görnüşini ýerli şertlerde öndürmek boýunça ylmy gözleglerini geçirip, olardan oňyn netije hem aldy. Ýaş alym bu işi bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy bäsleşigiň ýeňijisi hem boldy.

Agageldi ITALMAZOW
ArkadaglyÝaşlar
Beýleki habarlar