Jümle-jahan habarlary

1 Noýabr 2023
980

Gara suwly derýa

Şweýsariýanyň Tehniki uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlaglary Rukiniň dünýäniň iň gara suwly derýasydygyny subut etdi. Olar Afrikadaky iň bol suwly Konga derýasynyň çep goşandy bolan Rukiniň suwunyň reňkiniň gara bolmagyny ondaky organiki maddalaryň örän köpdügi bilen düşündirýärler. Alymlaryň tassyklamalaryna görä, derýanyň suwunyň şeýle reňkli bolmagyna onuň kenar ýakalarynda ýerleşýän torfly uly batgalyk öz täsirini ýetirýär. Ýagyş suwlarynyň şol batgalygyň üstünden akyp, derýa goşulmagy sebäpli Rukiniň suwy şeýle görnüşe eýe bolýar. Uzynlygy 1300 kilometre ýetýän derýanyň suwy 173,8 müň inedördül kilometr giňişligi eýeleýär.

(Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
Beýleki habarlar