Täsin gum sagady

31 Oktýabr 2023
1458

Adamyň oýlap tapmak zehinine hem-de başarjaňlygyna çäk ýok. Täzeçillige çemeleşip, täsinligi bilen adamlary haýrana goýýan eserleri döredýän adamlara goýulýan hormat hem çäksizdir. Çünki olaryň döreden eserleri ýurtlaryny dünýä tanadýar. Bu eserleri syn etmek üçin ýörite syýahata gelýärler ýa-da köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, internet arkaly tanyşýarlar.

Dünýäniň ilkinji iň uly gum sagady hem Ýaponiýanyň Simene şäherindäki «Gum muzeýinde» sergilenýär. Ýaponiýa gelýän syýahatçylar bu täsin gymmatlygy görmek üçin ýörite şol muzeýe barýarlar. Sagadyň beýikligi 5 metr 20 santimetre, ini 1 metre barabardyr. Sagadyň içine bir tonna gum ýerleşdirilipdir. Sagadyň ýokarky bölegindäki gum laýyk 365 günüň dowamynda, ýagny bir ýylyň içinde aşaky bölegine akýar. Täze ýylyň gelmegi bilen, 24.00 ony başaşak öwürýärler we täzeden wagt hasaby ölçenip başlaýar. Şol pursaty görmek üçin muzeýe ýörite müňlerçe tomaşaçy ýygnanyp, hem Täze ýyly agzybir garşylaýarlar, hem baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny has-da artdyrýarlar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Läle GURBANOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Beýleki habarlar