Suw üpjünçiliginiň hukuk we guramaçylyk esaslary

31 Oktýabr 2023
1184

Suw ynsanyň durmuş abadançylygyny kesgitleýän tebigy baýlyk hasap edilýär. Ýurdumyzyň 80 göterimine golaý meýdanyny tutýan Garagum sährasynda janly tebigat üçin suwuň gadyr-gymmaty başgadyr. Şoňa görä-de, janly zat hökmünde garaýan türkmen halky suwa uly sarpa goýýar. Ata-babalarymyzyň «Suw damjasy — altyn dänesi» diýmegi hem halkymyzyň suwa bolan hormatynyň çäksizdiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Daşky gurşawy goramak we ekologiýany abat saklamak ählumumy mesele bolup, şeýle meseleleriň biri hem Aral deňziniň suwunyň çekilmegidir. Merkezi Aziýada ýaşaýan ilatyň sanynyň artmagy, bu sebitde senagatyň ösmegi we oba hojalygynda täze ýerleriň özleşdirilmegi hem suwa bolan talabyň barha ýokarlanmagyna getirdi. Aral deňziniň suwdan boşan böleginde duzlaryň emele gelmegi, ýelleriň, tupanlaryň netijesinde duz bölekleriniň ýokary göterilip, ekerançylyk we öri meýdanlarynyň şorlaşmagyna getirdi. Şonuň üçin Aral deňziniň suwunyň möçberini öňki kaddyna getirmek boýunça birnäçe taslamalar öňe sürüldi we ony halas etmek dogrusynda ýörite maksatnama işlenip taýýarlanyldy. Häzirki wagtda «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar